Brendan Freýzer Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyny aldy

Brendan Freýzer Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyny aldy

Stiwen Sommersiň Mumiýa atly meşhur filmler tapgyrynda baş keşbi janlandyran aktýor Brendan Freýzer ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň (SAG) iň oňat erkek keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Aktýor bu baýraga Darren Aronofskiniň Kit (Läheň) filminde janlandyran baş keşbi üçin mynasyp görüldi.Filmde Freýzer 300 kilogram agramly edebiýat professorynyň keşbini döretdi.Ol ötüşen ýüregagyry keselinden ejir çekýär, emma hassahana gitmekden ýüz dönderýär, professor bütin ömründe süýşüren ähli emlägini ýeke gyzyna miras galdyrmakçy.

Ol gyzy bilen gatnaşyklaryny dikeltmek isleýär, emma bu aňsat düşmeýär.Her niçik bolsa-da, gyzy ahyrsoňy ony bagyşlaýar.Aktýor bu keşbi üçin diňe semremän, eýsem, surata alynýarka ýörite geýim hem geýmeli boldy.

Täze filmiň ilkinji görkezilişi 2022-nji ýylyň güýzünde Wenesiýadaky halkara kinofestiwalda boldy, Freýzer bu keşp üçin şeýle-de Altyn globus we Oskar baýraklaryna hödürlendi.

Ýene degişli makalalar

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy
Ýuriý Nikulini neýroulgamyň kömegi bilen täzeden janlandyrdylar
Brýus Uillisiň aýaly onuň bile düşen täze suratlaryny paýlaşdy
IMDB portaly ýylyň iň meşhur aktýorlaryny we filmlerini yglan etdi
Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi