80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy

80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy

Režissýor Maýkl Mannyň Ferrari atly terjimehal dramasy 80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasynda görkeziler diýip, IndieWire neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Aktýor Adam Draýweriň baş keşpde çykyş etmeginde surata alnan filmde wakalar 1957-nji ýylyň tomsunda bolup geçýär. Şol döwür maşgala kynçylyklaryny başdan geçirýän awtoulag ýaryşlarynyň öňki türgeni Ferrariniň kompaniýasyna batmak howpy abanýar.

Ol umydyny ýitirip, Mille Miglia atly meşhur ulag ýaryşyna gatnaşmaga mejbur bolýar.

Filmde Laura Ferrariniň keşbinde Penelopa Kruz çykyş edýär. Filmiň esasynda žurnalist Brok Ýets tarapyndan ýazylan Enso Ferrariniň terjimehaly ýatýar.

Wenesiýa kinofestiwaly 30-njy awgust — 9-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Brendan Freýzer Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyny aldy
ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
Dünýäde bosgun çagalaryň sany artýar
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy