Britaniýa, Putiniň we Lawrowyň Gyzlaryna Sanksiýa Goýdy

Britaniýa, Putiniň we Lawrowyň Gyzlaryna Sanksiýa Goýdy

Britaniýa, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gyzlaryny sanksiýa sanawyna aldy.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Putiniň gyzlary Katerine Wladimirowna Tikhonowa we Maria Wladimirowna Worontsowa bilen Lawrowyň gyzy Ýekaterine Sergeýewna Winokuruwa syýahat gadagançylygy goýuldy we emlagy saklandy.

Britaniýa 25-nji martda hem Lawrowyň öweý gyzy Poliwa Kolalewa sanksiýa goýupdy.

Daşary işler ministri Liz Trass “Deňi taýy görülmedik sanksiýalar bilen rus ykdysadyýetine uly zarba urýarys” diýdi.

Britaniýa, Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjüminden soň 1200-den gowrak adama we karhana sanksiýa goýdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Transfer täzelikleri
Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi