Britaniýada kriptopul bankomatlary ýapylar

Britaniýada kriptopul bankomatlary ýapylar

Beýik Britaniýanyň Maliýe bazarlarynda özüňi alyp barmak kadalaryna gözegçilik etmek boýunça edarasy (Financial Conduct Authority, FCA) ýurduň çägindäki ähli kriptopul goýberilýän bankomatlary bikanun diýip tapdy we olary ýapmagy talap etdi. Bu barada INTERFAX.RU habar berdi.

Sazlaýjy Britaniýada ýeke kompaniýanyň hem şeýle enjamlary oturtmaga rugsatnama almandygyny belledi, şonuň üçin edara olary tizden-tiz ýapmak barada talaba boýun egmedik taraplara berk çäre görüljekdigini habar berdi.

Kriptopul bankomatlary daşyndan adaty bankomatlara meňzeş, olar adamlara bank kartlarynyň üsti bilen sanly pul almaga mümkinçilik berýär. Häzir Patyşalykda şeýle enjamlaryň 81-si oturdylypdyr.

FCA edarasy şeýle-de kriptopul bazarynyň sazlaşdyrylmaýandygyny, şonuň üçin ýurduň raýatlarynyň pullaryny ogurlatmak ähtimallygynyň ýokarydygyny belledi.

Sazlaýjy bu maliýe bazarynda işleýän ýerli kompaniýalaryň sanawyny çap etdi, olar öz işewürligini edarada hasaba aldyrmandyrlar, eýýäm olardan 110 kompaniýa öz işini bes etdi.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär