Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär

Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär

Meta amerikan korporasiýasy anna gününden başlap täze işgärleri işe almagy bes edýär we çykdajylary azaltmak boýunça işlere başlaýar. Bu barada korporasiýanyň işgärler bölüminiň ýolbaşçysy Lori Goleriň iş ýazgysy bilen tanşan “Financial Times” gazeti ýazýar. Muny TASS ýetirýär.

Onda kompaniýanyň wezipelere adam gözlemegi bes edýändigi we bu syýasatyň hereket edýän döwründe dalaşgärlere teklip hödürlemegi bes etjekdigi aýdylýar.Täze düzgünler şu ýylyň ahyrynda ýatyrylyp bilner.Mundan başga-da, Meta kompaniýanyň içinde eýýäm işi bar bolan işgärleri geçirmekden wagtlaýyn ýüz öwrer.

Bölümlere we toparlara ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we netijeliligi ýokarlandyrmak tabşyrylar.Umuman, korporasiýa döredilen gününden bäri ilkinji gezek uly üýtgedip gurma garaşýar. Şeýle ädimiň sebäbi hökmünde mahabatdan gelýän girdejiniň peselmegi we bazardaky bäsdeşligiň güýçlenmegi bellenilýär.

Heniz tomusda Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg işgärleri azaltmak meýilnamasyny yglan etdi.Bu mahabat berijileriň býujetiniň azalmagy sebäpli bazardaky şertleriň kynlygynyň, şeýle-de beýleki sosial ulgamlaryň, aýratynam, TikTok-yň meşhur bolmagynyň netijesi boldy.

Meta-nyň ýolbaşçylygy korporasiýanyň 2022-nji ýyl üçin umumy çykdajylary boýunça çaklamasyny hem 91-97 mlrd dollardan 85-88 mlrd dollara çenli azaltdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar