Çehiýanyň täze Prezidenti Petr Pawel wezipä girişdi

Çehiýanyň täze Prezidenti Petr Pawel wezipä girişdi

Çehiýanyň täze saýlanan Prezidenti, 61 ýaşly Petr Pawel kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Inagurasiýa dabarasy parlamentiň iki palatasynyň agzalarynyň we myhmanlaryň gatnaşmagynda geçdi, ony ýurduň teleýaýlymy görkezdi.

Goşunyň ätiýaçlykdaky generaly Pawel 28-nji ýanwarda geçen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy, onuň üçin saýlawçylaryň 58,32 göterimi ses berdi. Ony, esasan, ýurduň iri şäherleriniň ýaşaýjylary, intelligensiýanyň wekilleridir 30-45 ýaş aralygyndaky raýatlar hem-de ýurduň daşynda ýaşaýan çehler goldadylar.

Täze Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy Praganyň Wladislaw zalynda geçdi, bu orta asyr Ýewropasynda dabaralarydyr göwünaçyşlyklary geçirmek üçin iň uly zallaryň biri bolupdyr. Dabara 800 töweregi adam gatnaşdy.

Şu gün, annada Pawel gündelik işlere girişmekçi. Ol şol sanda täze tebigaty goramak ministrini bellemekçi, geljek duşenbede özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Slowakiýa amala aşyrmakçy.

Pawel ýokary döwlet wezipesinde Miloş Zemany çalyşdy. Pawel Çehiýa garaşsyzlygyny alanyndan bäri dördünji Prezidentdir. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Russiýanyň çempionatynda taryhy rekord