Russiýanyň çempionatynda taryhy rekord

Russiýanyň çempionaty Premýer Ligada taryhy rekord goýuldy. Ahyrlap barýan çempionatyň 24-nji tapgyrynda eminler 10 gezek penalti nokadyny görkezdiler. Bu görkeziji rekorda deň bolup, ondan öň 2005-nji 21-nji tapgyrda 9 sapar penalti urgusy bellenilipdi.

Eminler 24-nji tapgyryň çäginde Himki Torpeda (4-2), Fakel Orenburg (1-3) duşuşyklarynda 3, şeýle-de, Zenit Dinamo (3-1), Ural Rostow (1-3), Pari NN Krylýa Sowetow (2-1) hem-de düýn oýnalan Spartak Krasnodar (4-3) duşuşyklarynda-da 1 gezek penalti urgusyny bellediler.

Mir RPL-de şu möwsümde eminlerden Wladislaw Bezborodow 18 oýunda 11 gezek penalti urgusyny belläp, bu babatda öňdeligi eýeleýär. Pawel Şadyhanow bolsa 12 oýunda 8 gezek ak nokady görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär
Russiýadaky sil apaty sebäpli suwuň aşagynda galan öýleriň sany artýar
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär