Çempionatyň iň ökde oýunçysy Donnarumma

Italiýanyň çempionlygy bilen tamamlanan 16-njy Ýewropa çempionatynda bäsleşigiň iň ökde oýunçysy diýlip, çempion toparyň derwezeçisi Janluiji Donnarumma saýlandy.UEFA-nyň tehniki synçylary tarapyndan saýlanan Donnarumma çempionatda 7 duşuşykda jemi 719 minutlap derwezä durdy.

Ol 4 gol geçirdip, 3 oýunda-da derwezesini goldan goramagy başardy.Italiýanyň ýygyndysynyň derwezesini gorap başlany bäri hiç bir oýunda 2 gol geçirtmedik Donnarumma Awstriýa bilen bolan duşuşyga çenli 1000 minutlap gol geçirtmän gelýärdi.

Ol ýarym finalda we finalda penalti urgularyny saklamakda ussatlyk görkezip, toparynyň çempionlygyny ynamly goşant goşdy.

Öňki çempionatlaryň iň ökde oýunçylary:

1996: Mattias Zammer (Germaniýa)

2000: Zinedin Zidan (Fransiýa)

2004: Teodoros Zagorakis (Gresiýa)

2008: Hawi Hernandes (Ispaniýa)

2012: Andres Iniesta (Ispaniýa)

2016: Antuan Grizmann (Fransiýa)

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji