Çempionlar ligasynda Mançester Siti Borussiýadan üstün çykdy

Çempionlar ligasynda Mançester Siti Borussiýadan üstün çykdy

UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygynda Mançester Siti Dortmundyň Borussiýasyndan üstün çykdy.

Mançesterde geçirilen oýun 2:1 hasabynda tamamlandy.Borussiýa 56-njy minutda Jub Bellingemiň tagallalary bilen hasaby açdy. 80-nji minutda Sitiniň goragçysy Jon Stounz hasaby deňledi.Iňlis klubuna ýeňiş goluny 84-nji minutda Erling Holand getirdi.

Holand öňki üç möwsümi Borussiýada geçiripdi.Ol öňki klubuna geçiren goluny dabaraly belläp oturmady.G toparynda ManSiti 6 utuk bilen öňdeligi eýeleýär.Borussiýa 3 utuk bilen ikinji, Kopengagen we Sewilýa bolsa 1 utuk topladylar.

Ikinji tapgyrda olar öz aralarynda 0:0 hasap bilen oýnadylar. Ýuwentus öz meýdançasynda Portugaliýanyň Benfikasyndan 1:2 hasabynda ýeňildi.Italýan kluby toparlaýyn tapgyrynyň iki duşuşygynda hem ýeňildi we toparynda Makkabi bilen soňky orny paýlaşýar.

Benfika bolsa Makkabini 3:1 hasabynda ýeňen Pari Sen-Žermen bilen bilelikde 6 utuk bilen birinji orny paýlaşýar.

Beýleki duşuşyklaryň netijeleri: A topar: "Reýnjers" (Şotlandiýa) - "Napoli" (Italiýa) - 0:3. E topar: "Çelsi" (Angliýa) - "Zalsburg" (Awstriýa) - 1:1, Milan (Italiýa) - Dinamo (Zagreb, Horwatiýa) - 3:1 F topar: "Real" (Ispaniýa) - "RB Leýpsig" (Germaniýa) - 2:0, Şahtýor (Ukraina) - Seltik (Şotlandiýa) - 1:1

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)