Çempionlykdan soň kubogy-da eýeledi

Portugaliýanyň Kubogy (Taça de Portugal) ýaryşynyň finalynda çempion Porto bilen Benfika duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrynda Portonyň hüjümçisi Luiz Diaz 2-nji sarydan gyzyl kart aldy. Ýöne muňa garamazdan, 2-nji ýarymda ýokary oýun görkezen Porto kongoly goragçysy Çansel Mbembanyň 47-nji we 58-nji minutlardaky gollary bilen 20 öňe saýlandy.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda, Benfikanyň brazil hüjümçisi Karlos Winisiusyň penaltiden tapawutlanmagy, lissabonlylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Porto çempionlykdan soň, ýurduň kubogyna-da mynasyp boldy.Bu olaryň kubok ýaryşyndaky 17-nji ýeňşi bolup, olar soňky gezek 2011-nji ýylda kubogy eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Braziliýa Kopa Amerikada ýaryşdan çykdy
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Keýniň taryhy statistikasy
Super “Real Madrid”