Daşary Işler Ministri Fidan, Mýunhende Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Daşary Işler Ministri Fidan, Mýunhende Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

60-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Mýunhen şäherine giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ministrimiz Hakan Fidan, Mýunhende, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi” diýildi.

Daşary işler ministri Fidan, iş saparynyň çäginde ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel we Moldowanyň Daşary işler ministri Mihail Popşoi bilen hem duşuşdy.

Borral bilen Fidan Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Fidan, ÝB-ne dalaşgär ýurtlar bilen Türkiýä deň derejeli garalmalydygyny ýatlatdy.

Duşuşykda, Gaza meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝB-ne agza ýurtlaryň arasyndaky garaýyş tapawutlylygynyň Palestinalylara berilýän goldawy bökdeýändigi nygtaldy.

Borrel bilen Fidan duşuşykda Siriýa meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidani Moldowaly kärdeşi Popşoi bilen özara ykdysady gatnaşyklar, energetika, bilim we goranyş senagaty pudagy boýunça edilýän gatnaşyklar barada pikir alyşdy.

Iki kärdeş guraljak ýokary derejeli saparlar barada hem pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gazanyň Dolandyryş komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy
Lufthansanyň Işgärleri Iş Taşlaýyş Yglan Etdi
Ibrahim Kalyn Mýunhen howpsuzlyk maslahatyna gatnaşar
Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi