Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

LeMonde: Aziýada neşe söwdasyny edýän baron şübhesi bilen dünýäniň iň gözlenýän adamlaryň biri bolan Tse Çi Lop Gollandiýada tussag edildi.

France 24: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda wezipä geleninden soň ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Le Soir: Belgiýadaky mekdeplerde koronawirus epidemiýasy bilen bagly aladalar artýar.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Ysraýylyň täze ilçisi Waşingtona, ýany bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümete hödürlejek talap sanawyny getirdi.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Kataryň galplyga garşy göreş bilen bagly tagallalaryna halkara öwgi.

Ad-Düstur (Iordaniýa): Ýemeniň hökümetiniň we Husileriň wekiliýetleriniň arasynda Iordaniýada gepleşikler başlady.

El País (Ispaniýa): Ispaniýa koronawirus epidemiýasynyň Britaniýada ýüze çykan görnüşiniň hasaba alynmagy bilen, epidemiýanyň 3-nji tolkuny bilen ýüz-ýüze.

El Universal (Meksika): Meksikanyň Döwlet baştutany Lopez Obrador, Sputnik V sanjymynyň alynmagy babatynda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer.

El Tiempo (Kolumbiýa): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň döwrüni topraga gömmek üçin ugryň duýdansyz üýtgedilmegi: ABŞ-nyň täze Prezidenti Jo Baýden, krizisiň hötdesinden gelmek üçin 30 kararnama gol çekdi.

Deutsche Welle: Ankara we Afiny 5 ýyl arakesmeden soň ýaňadandan gepleşikler stolunyň başynda.

Stuttgarter-Nachrichten.de: Dünýä futbolynyň ýyldyzy Mesut Özil, Türkiýäniň Fenerbahçe futbol komandasyna resmi ýagdaýda geçdi.

Tagesschau.de: Germaniýa koronawirus epidemiýasyna garşy Ýewropa Bileleşiginde antitela ulanjak ilkinji ýurt bolmaga taýarlanýar.

Gazeta.ru habar saýty: "Fortuna" atly gämi Daniýada "Demirgazyk Akym-2" tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygyna ýaňadandan başlady.

Izwestiýa Gazedi: Russiýada haýyr-sahawat bahanasy bilen bikanun ýollar bilen pul ýygnaýan adamlara garşy jeza kesiler.

Russia Today: Russiýa, Halkara Aý programmasynyň çäginde alynyp barylýan taslamalaryň maslahatlaşylýan duşuşyklara gatnaşyk hukugyndan mahrum edildi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy
Zenan özünden pişigini has gowy görýändigi üçin adamsyny kazyýete berdi
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Makoleý Kalkin Ýeke özi öýde filmindäki öýi satyn almak isländigini gürrüň berdi
Putin göni ýaýlymda metbugat duşuşygyny geçirdi
Tramp “Ýylyň adamy” boldy