Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýylyň ozalky Premýer ministri Binýamin Netanýahu lideri bolan Likud partiýasynyň içinde närazylyga sezewar galýar.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): BMG-nyň Ýaragly çaknyşyk we çagalar boýunça ýörite wekili Wirjiniýa Gamba: "Palestinaly çagalaryň parahatçylyk içinde ýaşamaga hukugy bar" diýip belledi.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýede 1-nji iýuldan başlap köçä çykmak gadagançylygynyň dolulygyna ortadan aýrylyp, kadaly tapgyra geçiljekdigini habar berdi.

Tagesschau.de: (Kowid-19) Delta warianty Germaniýada hem alada sebäp bolýar.

Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, 3 milliondan gowrak siriýaly bosguna ýer eýeçiligini edýän Türkiýä maliýe taýdan goldaw bermäge dowam etmegiň we bosgun ylalaşygynyň täzelenmeginiň gerekdigini beýan etdi.

Welt.de: Alymlar, elektrik tokda işleýän ulaglarda klimat ýalňyşlygyna ünsleri çekýärler-Möhüm bolan zat elektrik toguň çeşmesi.

El Pais (Ispaniýa): (Kowid-19) Ispaniýanyň ammarlarynda bolan 3 million doza golaý sanjym iýun aýyndaky maksatnama üçin ýeterlik derejede däl.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, tussaglykda bolan 9 katalon syýasatçy üçin yglan ediljek günä geçişlik karary bilen Kataloniýanyň we Ispaniýanyň arasynda täze bir döwüri başlatmagy maksat edinýär.

Infobae (Argentina): Ýene-de bir Prezident dalaşgäriniň tussag edilmeginden soň BMG, Nikaraguadaky Daniel Orteganyň ýolbaşçylygyndaky hökümete ähli syýasy tussaglylary azat etmäge çagyrdy.

RIA Nowosti: Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki, Russiýanyň kiber hüjümlerine dowam eden halatynda ABŞ-nyň hiç hili duýduryş bermeden garşylyk görkezip kiber hüjüm gurajakdygyny mälim etdi.

TASS: ÝB Belarussiýa garşy sanksiýalarynyň gerimini giňeltdi.

Izwestiýa: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Ned Praýs, Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda ýarag gözegçiligi bilen bagly gepleşikleriň taýarlygynyň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Le Monde: Fransiýadaky sebitleýin saýlawlarda LRM partiýasynyň ýeňilişi netijesinde, Makronyň meýilnamalary şowsuzlyga sezewar galdy.

Le Figaro: Fransiýadaky sebitleýin saýlawlara gatnaşygyň pes bolmagy netijesinde, ýaşlary herekete geçirmek üçin hökümet aragatnaşyk kampaniýasyny durmuşa geçirmäge taýarlanýar.

France 24: Günorta Afrika Kowid-19-a garşy sanjym oýlap tapmak üçin ilkinji tapgyry geçdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Günbatar Aziýadaky ýurtlaryň işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyny tankytlady
Merkezi Aziýa-Hytaý söwdasy soňky 30 ýylda 100 esse artdy
Amir Abdullahian Hytaýyň Daşary işler ministrini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady
ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi
Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi