Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýedäki tokaý ýangynlarynyň aglabasy söndürildi.
Al-Watan (Oman): Hytaýyň koronawirus epidemiýasy bilen bagly çäklendirmeleri sebäpli nebitiň bahalary arzanlady.
Al-Zeman (Yrak): BMG klimatyň bozulmagy bilen bagly häzirki wagta çenli iň howply habarnamany çap etdi.
La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýada ilatyň 60 göterimi Kowid-19-yň 2 doza sanjymyny etdirdi.
El Mundo (Ispaniýa): Messiden ýüz öwüreninden soň, özüne gelip bilmedik Barselona topary, entegem 4 futbolçy üçin gol çekilşige garaşýar.
Infobae (Argentina): Kanada we ÝUNISEF ýurtdaky saglyk krizisini ýeňilleşdirmek üçin Kuba derman kömegini ugratdy.
Tagesschau.de: Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis, ýangyna garşy göreşdäki gowşaklyk sebäpli ötünç sorady.
DW: Germaniýanyň Syýahatçylyk bileleşigi, ýangyn sebitlerine meýilleşdirilen syýahatlarda ýüz tutmalaryň goý bolsun edilmekleriň ýok diýip boljak derejede azdygyny aýan etdi.
Tagesspiegel: BMG-nyň habarnamasyna görä global ýylylyk 2030-njy ýyla çenli 1,5 gradus çägini geçip biler.
TASS: Russiýa Beýik Britaniýanyň birnäçe raýatyny garşylyk ýörelgesine esaslanyp ýurda girmeklerini gadagan etdi.
RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Tokiony Russiýanyň ilçihanasynyň öňündäki protestlere garşy çäre görmezlik bilen günäkärledi.
Lenta.ru: Belarussiýanyň Prezidenti Aleksand Lukaşenko ýakyn wagtda wezipesinden çekiljekdigini habar berdi.
Le Figaro: Kowid-19: ABŞ raýatlaryna Fransiýa syýahat etmezlikleri barada maslahat berdi.
France 24: Kowid-19: Martinik adasynda 2-nji ýapylyş döwri başlaýar, turistlere adany terk etmekleri barada maslahat berildi.
Liberation: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Eýranyň täze Prezidenti Ibrahim Reisä ýadro işlerini bes etmek barada çagyryş berdi.
