Daşoguz welaýatynda demirýolyçy maşgalalaryň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan täze jaýlara göçdüler

Daşoguz welaýatynda demirýolyçy maşgalalaryň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan täze jaýlara göçdüler

Daşoguz şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda demir ýol işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi açylyp ulanmaga berildi. Olaryň her biri 16 öýli, 4 gatly bu jaýlardyr. Türkmendemirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Daşoguz lokomotiw bekedinde zähmet çekýän demirýolçularyň döwletli maşgalalarynyň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan bu jaýlara göçüp geldi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Çemenli daglar hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Döwrebap jaýlaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan toý çäresiniň dowamynda olaryň gurluşygynda has-da tapawutlanan işçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

— Biziň maşgalamyza döwrebap jaýyň birinji gatyndan dört otagly öý berildi — diýip, Daşoguz lokomotiw ussahanasynyň başlygynyň orunbasary Akbaý Saparow aýdýar. Ol: — Bu ulgamda 38 ýyldan gowrak wagt bäri işleýärin.

Zähmet ýoluna ýönekeý işçilikden başladym, 20 ýyl otly sürdüm.Bu hormatly hem asylly käriň öz aýratynlyklary bar.Dürli ugurlarda iş görkezip, uly tejribe gazandym, kän şägirtleri ýetişdirdim.

Maşgalam Bahar Amanowa köp ýyllardan bäri welaýat kitaphanasynda işleýär.Iki gyzymyz, bir oglumyz bar.Täze öýümizde häzirki zamanyň iň kämil durmuş enjamlary ornaşdyrylypdyr.Bu bagtly pursatlar tutuş maşgalamyzyň, hoş arzuwlar bilen gutlap gelen dogan-garyndaşlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan köp çagaly eneleriň ikisine döwrebap jaýlardan öýler berildi. Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde tam süpüriji bolup işleýän, dokuz çagaly Ogulboldy Haljanowa hem-de öý hojalykçy, sekiz çagaly ene Salamat Rozmetowa sowgat edilen täze öýlerde jaý toýuny tutdular diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Aşgabatda türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi
MFT kompaniýasy miwe suwlarynyň we gaplanan gök önümleriň eksportyny artdyrýar