Daşoguz welaýatynda gök-bakja önümlerini ýygnamagyň gyzgalaňly döwri başlandy

Daşoguz welaýatynyň ykdysadyýetinde oba hojalygy esasy orunlaryň birini eýeleýär, klaster çemeleşmesi onuň ösüşinde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.Döwlet maýa goýumlary we ykdysady höweslendirmeler netijesinde dürli ekinleri ekmekden tä ýygnalmagyna çenli gutarnykly tapgyryň netijeli hereket etmegine ýardam edýän oba hojalyk önümçiliginiň köp ugurly düzümi kemala gelýär.

Häzirki wagtda miwe, gök we bakja ekinleriniň, üzüm ýygymynyň gyzgalaňly döwri. Şu wagta çenli sebitde 47 müň tonna golaý kartoşka ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň 97 göteriminden-de köpdür.

Kartoşka ýygymynda S.A.Nyýazow adyndaky we Köneürgenç etraplarynyň ekarançylary öňde barýarlar. Ýeri gelende, daşoguzly bagbanlaryň, gök ekarançylaryň we bakjaçylaryň önümlerine alyjylar tarapyndan islegiň ýokarydygyny we olaryň ýurdumyzyň beýleki söwda nokatlaryna-da iberilýändigini aýtmak gerek.

Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw berilmegi we bazar gatnaşyklary gurallarynyň ösdürilmegi, pudagyň enjamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, ýerden we suwdan rejeli peýdalanylmagy, önümçilige öňde baryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, maksada gönükdirilen seçgiçilik we görnüş synaglary, möwsümleýin we bazaryň talaplaryna çeýe seslenilmegi Daşoguz welaýatynyň oba senagat önümçiliginiň, hususan-da, gök-miwe önümçilgi ulgamynyň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän şertlerdir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi
Ganazlyk we onuň tebigy bejergisi…
Içgeçme we iýmitlenme…
Belgiýa 3 dilli ýurda syýahat
Gýulten ynjyklygy…
Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar
Aşgabatda satuwdan aýrylan kartoşka peýda boldy. Emma, onuň hili ýaramaz’