Daý Houlýan, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy: Galkynyş känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň taslamasy öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ekologiýa arassalygynyň nusgawy desgasy bolar

Daý Houlýan, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy:  Galkynyş känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň taslamasy öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ekologiýa arassalygynyň nusgawy desgasy bolar

Galkynyş käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde gurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary derejeli dolandyryşyň, ekologiýa taýdan arassalygyň we özara bähbitliligiň nusgawy desgasyna öwrüler.Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly atly halkara ylmy-amaly maslahatda Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy Daý Houlýan mälim etdi.

Korporasiýanyň ýolbaşçysy häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän düýpli üýtgeşmeleriň, halkara ýagdaýyndaky durnuksyzlyklaryň we dünýä energetika gurluşynyň özgermeginiň fonunda, energetika ulgamynda hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň strategik ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şu nukdaýnazardan, Daý Houlýan iki döwletiň Baştutanlarynyň parasatly ýolbaşçylygynda CNPC korporasiýasynyň hytaý-türkmen energetika hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak, şeýlelikde, Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň bileleşigini kemala getirmäge saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyna ynandyrdy.

Biz Galkynyş käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny öňe sürmekde ýokary standartlar, berk talaplar we yzygiderli kämilleşmek konsepsiýasyna eýerýäris.Biz öňdebaryjy tehnologiýaly, birinji derejeli dolandyryşly, ekologiýa taýdan arassa we özara bähbitli nusgawy desgany döredýäris. Şonuň bilen birlikde, energiýanyň täze çeşmeleri, nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýa, inženerçilik hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri işjeň öwreniler, nebit-gaz gözleg-barlag we çykaryş işlerinde, ýaşyl pes uglerodly ösüşde esasy tehnologiýalaryň çalşygy güýçlendiriler.

Gaz pudagynyň ähli önümçilik zynjyryna emeli aň we uly maglumatlar (Big Data) ýaly öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, hyzmatdaşlygymyzyň hiliniň ýokarlanmagyna we döwrebaplaşmagyna ýardam berler diýip, CNPC-niň ýolbaşçysy belledi.Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletli energetika hyzmatdaşlygynyň barha berkeýändigini görkezýän aýdyň meýdança öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Sanly ylym ÝUNESKO kafedrasy işe başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Zelenskiý: "Kramatorsk şäherine raketa bilen hüjüm guraldy" diýdi
Türkiýe Ysraýyla Berk Garşylyk Görkezýär
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar