DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi

DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi

2022-nji ýylda geçiriljek geçiriljek Dünýä çempionatynyň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi. Häzirki dünýä çempiony fransuzlar öz toparçasynda Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, şeýle hem Gazagystan bilen oýnar.

Bije çekilişigiň doly netijeleri şeýle: A toparça: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan.B toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa.C toparça: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa.

D toparça: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan.E toparça: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa.F toparça : Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa.G toparça: Gollandiýa, Türkiýe, Norwegiýa, Çernogoriýa, Latwiýa, Gibraltar.

H toparça: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta.I toparça: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino.J toparça: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn.

Toparçalaryň ýeňijileri 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna gönüden-göni gatnaşarlar, ikinji orny eýelän toparlar indiki saýlama tapgyryna çykarlar. 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýunlary 21-nji noýabrdan 8-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi