Derbiler tapgyrynda myhmanlar ýeňiş gazandy, merkezi oýun deňlikde tamamlandy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.Derbileriň tapgyry hökmünde görülýän bu tapgyrda 3 oýunda myhmanlar ýeňşini baýram etdi.Tapgyryň merkezi duşuşygynda bolsa ýeňiş gazanan bolmady. Ýagny “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky oýun 1-1 deňlikde tamamlandy. “Altyn asyr” topary 58-nji minutda Myrat Annaýewiň goly bilen öňe saýlansa-sa, olara üstünligi saklamak başartmady. 83-nji minutda Resul Hojaýew hasaby deňledi.

Balkan welaýat derbisinde “Şagadam” myhmançylykda “Nebitçini” Ýunus Orazmämmedowyň 45-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.Maryda welaýatyň iki toparynyň arasyndaky duşuşykda “Merw” myhmançylykda “Energetikden” 2-1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda “Energetik” topary Musa Nurnazarowyň 29-njy minutdaky goly bilen 1-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen “Merw” tejribeli oýunçysy Alibek Abdurahmanowyň 66-njy hem-de 80-nji minutlardaky gollary esasynda möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy.

Oýnuň ahyrynda her toparyň bir futbolçysy gyzyl kart aldy

Paýtagt derbisinde “Aşgabat” topary öz meýdançasynda “Köpetdagdan” 2-1 hasabynda utuldy. 1-nji ýarymyň ahyrynda, has takygy, 45+1-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň goly bilen öňe saýlanan “Aşgabat” topary oýnuň ahyrlarynda 2 gol geçirdi.

Gollaryň ikisini hem Begenç Akmämmedow öz adyna ýazdyryp, ol ilki 88-nji minutda penaltini dürs urup, hasaby deňledi. 90+2-nji minutda-da toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

3-nji tapgyryň duşuşyklary 11-12-nji awgustda geçirilip, onda “Köpetdag” “Nebitçi”, “Ahal” “Energetik”, “Şagadam” “Altyn Asyr”, “Merw” “Aşgabat” duşuşyklary oýnalar.

Ýene degişli makalalar

06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Sport gysga habarlar