Disney öý mebellerini we harytlaryny öndürip başlady

Disney öý mebellerini we harytlaryny öndürip başlady

Mediakonglomerata öwrülen The Walt Disney Company öý mebellerini we harytlaryny çykarmak üçin täze Disney Home brendini işe girizdi. Bu barada Dezeen habar berýär.

Disney öý üçin mebelleri, interýer predmetlerini we harytlaryny, şol bir wagtyň özünde ýorgan-düşek daşlyklaryny, ýassyklary we halylary öndürmek bilen meşgullanar. Önümler kompaniýanyň meşhur gahrymanlaryna, şol sanda Mikki Mausa hem-de Marvel filminiň, Pixar kinostudiýasynyň we “Ýyldyz söweşijileri” mediafranşizasynyň gahrymanlaryna bagyşlanar. Kompaniýa hyzmatdaşlygy hem meýilleşdirýär, ýöne olaryň önümleri çäkli tiraž bilen çykar.

2022-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ-da Walt Disney Company-nyň ýaşaýyş ýerleriniň peýda boljakdygy belli boldy. Storyliving by Disney ady bilen toplumlar meşhur multfilmleriň iň gowy ýörelgelerine eýerilip gurlar.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Marvel Entertainment kinostudiýasynyň başlygy işden boşadyldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Disney Skarlett Ýohanssony Gara dul filmi üçin Oskar baýragyna hödürleýär
Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy