Döwlet eýeçiligindäki ellä golaý desga satuwa çykarylýar

Döwlet eýeçiligindäki ellä golaý desga satuwa çykarylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 49 döwlet emlägini satmak üçin bäsleşikli söwda geçirer. Bu baradaky bildiriş şu gün Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde çap edildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenawtoulaglary agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň, Türkmenbaşy paýdarlar täjirçilik bankynyň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň binalarydyr desgalary hususylaşdyrylar.

Ýokardaky gurluşlaryň emlägini hususylaşdyrmak isleýän hususy pudagyň wekilleri has giňişleýin maglumat alyp bilerler. Söwdalar 24-nji awgustda ir sagat 10:00-da www.е.fineconomic.gov.tm döwlet emläkleriniň sanly söwda platformasynda geçiriler. Arzalary kabul etmek we hasaba almak söwdalaryň başlamazyndan bir gün öň tamamlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar
Döwlet eýeçiligindäki ellä golaý desga satuwa satuwa çykarylýar
ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 90 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi
Balkan welaýatyndaky ýod-bromly suw ýataklary özleşdiriler
Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar