Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Dünýäniň iň beýik myhmanhanasy Dubaýda açyldy. Emirligiň “The National” gazetiniň habaryna görä, “Ciel Dubai Marinaol” myhmanhanasy 16-njy noýabrda ilkinji myhmanlaryny kabul etdi.

Binanyň beýikligi 377 metr bolup, Dubaýdaky beýleki “Gevora Hotel” myhmanhanasyndan 21 metr beýiklikde. Täze myhmanhananyň 82 gatynyň 1004 otagy syýahatçylara niýetlenendir. 76-njy gatda suw howdany, 81-nji gatda bolsa dynç alyş zolagy bolan terrasa ýerleşýär.

Dubaýda dünýäniň iň beýik 10 myhmanhanasynyň sekizisi ýerleşýär. Olaryň iň meşhurlarynyň biriniň beýikligi 321 metr.

Ýene degişli makalalar

'Ygtyýarly edaranyň karary bilen'. Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär
Dubaýda awiasergi badalga berildi
Dubaýda rekord agramdaky guýma altyn taýýarlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Berdimuhamedowyň ýegenleriniň döwlet zawodlarynyň önümlerini eksport eden şirketler bilen ilteşigi bar
Halkara sergide täze uçarlar sargyt edildi