Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

Sýurih şäherinde UEFA-nyň milli ýygyndylarynyň arasynda Dünýä çempionaty ― 2022-nip saýlama tapgyryna bije çekildi.

Saýlama duşuşyklara UEFA agza ýygyndylaryň ählisi gatnaşyp biler. Şeýlelikde, 55 ýygyndy 10 toparçada ýaryşar. Toparçalaryň deň ýarynda alty, galan ýarynda-da bäş ýygyndy bolar.

Saýlama duşuşyklar 2021-nji ýylyň martynda başlar. Duşuşyklar öýde-myhmançylykda görnüşinde geçiriler.

Toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa UEFA-nyň Milletler ligasynyň iň gowy iki ýygyndysy bilen galan üç orun üçin göreşer. Pleý-of duşuşyklary 2022-nji ýylyň martynda (ýarym final 24-25-nji martda, finallar 28-29-njy martda) bolar.

Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Katarda geçiriler. Bu ýurt taryhynda ilkinji gezek FIFA dünýä çempionatyny kabul eder.

Toparçalar

A toparça: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan;

B toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa;

C toparça: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa

D toparça: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan

E toparça: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa

F toparça: Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa;

G toparça: Niderlandlar Patyşalygy, Türkiýe, Norwegiýa, Çernogoriýa, Latwiýa, Gibraltar

H toparça: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta

I toparça: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino;

J toparça: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn.

Ýene degişli makalalar

“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi