Dünýä Kubogy 2026-nyň 30-njy ýygyndysy hem belli boldy

Geljek ýylyň tomsunda ABŞ, Kanada hem-de Meksikada geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogyna gatnaşjak 30-njy ýygyndy Horwatiýanyň milli topary boldy. Ýewropa zolagynda “L” toparçada çykyş edýän Horwatiýanyň ýygyndysy 7-nji duşuşygynda Farer adalarynyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda horwatlar 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Myhmanlaryň Turiniň 16-njy minutdaky goly bilen öňe saýlanan duşuşygynda horwatlara ýeňiş getiren pökgüleri Gwardiol (23), Petar Musa (57) hem-de Nikola Wlaşiç (70) geçirdi. Şunlukda, Horwatiýanyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler (1998, 2002, 2006, 2014, 2018, 2022, 2026).

Olar Garaşsyzlykdan soň diňe 1 gezek Dünýä Kubogyna (2010) hem-de Ýewropa çempionatyna (2000) gatnaşyp bilmediler.

Toparçada Farer adalarynyň ýygyndysynyň hem mümkinçiligi şu duşuşyga çenli dowam edýärdi. Ýöne bu ýeňlişden soň olaryň hiç hili mümkinçiligi galmady. Toparçada Çehiýanyň ýygyndysy 2-nji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Beýik Britaniýa karantin zerurlygy bolmazdan 12 ýurda gitmäge rugsat berer
Dünýäniň iň owadan obalary
DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi
Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi