Dueýn Jonsona muzeýdäki mum heýkeli ýaramady

Dueýn Jonsona muzeýdäki mum heýkeli ýaramady

Fransiýanyň Pariždäki Grewen muzeýinde aktýor Dueýn Jonsonyň mumdan ýasalan heýkeli ýerleşdirildi, emma ol aktýora we onuň muşdaklaryna ýüz-keşbiniň çakdanaşa akýagyzdygy üçin ýaramady diýip, MIR 24 ýazýar.

Sebäbi aktýoryň ene-atasy garaýagyzdyr.

Aktýoryň heýkelini ýasan suratkeş iş wagtynda onuň fotosuratlaryndan we wideoşekillerden peýdalandy.

Muzeý aktýoryň özi hem nägilelik bildirenden soňra ýalňyşlygy düzetmegi söz berdi. Muzeýiň işgärleri uzak gije işläp, öňki heýkeli garaýagyz Dueýniň hakyky keşbinde dikeltdiler. Ol ýene-de muzeýiň zalynda goýuldy.

Muzeýiň işgärleri aktýoryň özüniň gelip, heýkele baha bermegine garaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl
Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
ABŞ Ukraina Harby Kömegini Dowam Etdirer
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi