Duşenbe Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlanýar

Duşenbe Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlanýar

30-njy awgustda Täjigistanyň Daşary işler ministrliginde metbugat ýygnagy geçirilip, onda 14-15-nji sentýabrda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerine Duşenbe şäherinde geçiriljek Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk barada maglumat berildi.

Metbugat ýygnagynda bellenilişine görä, ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçiriljek AHHG-nyň nobatdaky sammitiniň gün tertibi Aral deňziniň basseýninde suw dolandyryşy, daşky gurşaw we durmuş-ykdysady ýagdaýlary has-da gowulandyrmak, sebitdäki suw we energiýa meselelerini çözmekde AHHG-nyň täsirini artdyrmak, şeýle-de AHHG-niň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alar

Mundan başga-da, Gaznanyň çäginde köpugurly maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlaryň gerimini giňeltmek meselelerine hem serediler.

Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imominiň metbugat ýygnagynda aýdyşy ýaly, şu ýyl Täjigistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyny Gazagystana geçirer.

Sammitiň jemleri boýunça gün tertibindäki ähli meseleler boýunça resminamalara gol çekilmegine, şeýle hem jemleýji resminamanyň - döwlet Baştutanlarynyň Duşanbe Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar