Dzýudo boýunça Mary şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde 2023-nji ýylyň 16 17-nji sentýabrynda Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça Mary şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Ýaryşa Mary şäheriniň 2-nji, 4-nji, 7-nji, 8-nji sport mekdepleriniň, Mary etrap, Garagum etrap, Ýolöten etrap, Sakarçäge etrap sport mekdepleriniň, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa sport mekdebiniň, Lebap welaýatynyň sport mekdepleriniň ýaş türgenleri gatnaşdylar.

Sportyň dzýudo görnüşi boýunça Mary şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenlerinden 2009 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde 34 kilogram agramda Perhat Orazmämmedow çykyş edip I orny, 38 kilogram agramda Hudaýberdi Gurbannazarow çykyş edip III orny, 46 kilogram agramda Atajan Akyýew çykyş edip III orny, 48 kilogram agramda Jumasoltan Arslanowa çykyş edip II orny eýelediler.

Şeýle hem 2007 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 55 kilogram agramda sport mekdebimiziň türgeni Didar Ataýew çykyş edip II orna, 66 kilogram agramda Mukam Nuryýew çykyş edip I orna mynasyp boldy.

Sportyň dzýudo görnüşi boýunça Mary şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan ýaş türgenlere hormat hatlary, ýadygärlik medallary we gymmat bahaly sowgatlar berildi.

Maýa Meredowa,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler