Efiopiýa jahankeşdelere ýurtdan kofe çykarmagy gadagan etdi

Efiopiýa jahankeşdelere ýurtdan kofe çykarmagy gadagan etdi

Efiopiýa daşary ýurtly jahankeşdelere uçar gatnawlary arkaly kofäni islendik görnüşde ýurtdan alyp gitmäge gadaganlyk girizdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Gadaganlyk Efiopiýanyň gümrük gullugynyň täze girizen düzgüni bilen baglydyr. Onda awiaýolagçylaryň efiopiýa kofesini islendik görnüşde we möçberde daşyna alnyp gitmeginiň gadagan edilýändigi we talaby bozanlaryň howa menzillerinde saklanjakdygy duýdurylýar.

Mundan öň çaý we kofe öndürijiler sentýabrda nyrhlaryň gymmatlaýandygyny duýdurypdylar.

Ýene degişli makalalar

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy