Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi

Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi

Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy 11,3 müňden gowragy adamy göçürdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty habar berdi.

Häzir wagtlaýyn gonalgalarda 5,5 müňe golaý adam bar. Suw haraplan awtoulag ýollarynda, köprülerde dikeldiş işleri dowam edýär. Ulag aragatnaşygy kesilen ilatly ýerler bilen gatnaşyk saklanýar, olarda azyk önümleriniň we lukmançylyk serişdeleriniň ýeterlik gory bar.

Adatdan daşary ýagdaý dowam edýän ýerlerdäki adamlara gije-gündiz kömek bermek boýunça 7 müňden köp adam we ýörite tehnikalaryň, şol sanda suw sowujylaryň, ýüzülýän we howa gämileriň 2 müňüsi hereket edýär.

Adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän ýerleri Aktýubinsk, Kostanaý, Günbatar-Gazagystan, Abaý, Ulytau we Akmola oblastlarydyr.

Ýene degişli makalalar

Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlary güýçli ýangynlary başdan geçirýär