Eger 11-nji fewrala çenli okuw üçin tölegini etmeseler, onda Türkiýe türkmen studentleriniň wagtlaýyn ýaşamak rugsadyny ýatyrmakçy

Eger 11-nji fewrala çenli okuw üçin tölegini etmeseler, onda Türkiýe türkmen studentleriniň wagtlaýyn ýaşamak rugsadyny ýatyrmakçy

Eger daşary ýurtly studentler 11-nji fewrala çenli okuw üçin tölegini etmeseler, onda Türkiýäniň migrasiýa gullugy olaryň wagtlaýyn ýaşamak rugsadyny ýatyrmak haýbatyny atýarlar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň”habarçylary maglumat berýärler.

Mundan öň olara 5-nji fewrala çenli wagt berilipdi.

Türkmenistanly studentler bu kararyň ilki bilen özlerine garşy gönükdirilendigini düşünýärler. Çünki,diňe Türkmenistanda daşary ýurtlara pul ýollamakda uly meseleler bar: beýleki ýurtlaryň studentleriniň şeýle kynçylyklary ýok.

Daşary ýurtlara banklar ýa-da “Western Union” ulgamy arkaly pul geçirmekdäki çäklendirmeler sebäpli, daşary ýurtlarda okaýan studentler wagtynda pul tölegini edip bilemýärler.

Birnäçe studentleriň aýry-aýrylykda “TH-na” habar bermegine görä,Türkiýäniň migrasiýa gullugy ýörite maksat bilen türkmen studentleriniň ýaşaýan ýerinde resmi hasaba alynandygyny barlaýarlar. Fewralyň başlarynda olaryň birnäçesine wagtynda resmi hasaba durmandygy üçin 70 manat jerime saldylar.

Hatda, öz wagtynda hasaba durmadyklara hem jerime ýazyldy. Çünki,edaranyň kompiýuter ulgamynyň togtandygy üçin üýtgeşmeler girizilendigi hem hasaba alynmady.

Häzir studentler salynan jerimä arza bermek üçin aklawjy tutmaga synanyşýarlar.Emma,töleg meselesi türkmen tarapyna bagly we munuň tiz wagtda çözüljekdigine umyt ýok.

Okuw üçin töleg beýleki ýurtlarda okaýan türkmen studentleri üçinem uly mesele. Olaryň köpüsi hut şu sebäpden okuwyny taşlamaga mejbur boldylar.

“Hurriýetiň” maglumatlaryna görä, 2019-2020-nji ýyllarda Türkiýede 18 müň 16 sany türkmenistanly student okaýar.

The post Eger 11-nji fewrala çenli okuw üçin tölegini etmeseler, onda Türkiýe türkmen studentleriniň wagtlaýyn ýaşamak rugsadyny ýatyrmakçy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Ýazyjy Paolo Koelýonyň Alhimik romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýarlar
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Diňle: THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
TH: Gul bazary’ köp raýat üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar
IRU-nyň wekiliýeti eýran-türkmen serhet geçelgesine baryp gördi