IRU-nyň wekiliýeti eýran-türkmen serhet geçelgesine baryp gördi

IRU-nyň wekiliýeti eýran-türkmen serhet geçelgesine baryp gördi

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) Eýranyň Tähran, Bandar Abbas we Maşad şäherlerinde sebitde söwdanyň we üstaşyr geçişiň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini has-da artdyrmaga gönükdirilen seminarlary we duşuşyklary geçirdi. IRU-nyň wekiliýeti şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Lutfabad serhet geçelgesine baryp gördi.

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň, gümrük edaralarynyň, Eýranyň ýola we ulaga tehniki taýdan hyzmat ediş guramasynyň we IRU-nyň wekilleri üstaşyr prosesleri sazlaşdyrmak üçin TIR ulgamynyň ähli artykmaçlyklaryndan peýdalanmak arkaly Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgeleriniň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Türkmenistan bilen serhetdäki Luftabad gümrük nokadynda IRU eýran gümrükçileri, Türkmen halkara awtomobil daşaýjylar assosiasiýasy (THADA) we türkmen gümrükçileri bilen bilelikde TIR we howpsuz üstaşyr geçiriş boýunça seminar geçirdi.

Oňa gatnaşanlar Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän alternatiw ugur hökmünde Gündogar-Günbatar geçelgäniň günorta böleginiň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem seminarda eýran-türkmen serhedinden geçende ulag wagtyny we çykdajylaryny azaltmak üçin proseduralary sazlaşdyrmagyň we ýönekeýleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Pakistan we Eýran ilçiler barada özara ylalaşyk gazandylar
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
Abbas, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi
Ysraýyl Palestin Halkyna Gyrgynçylyk Söweşlini Alyp Barýar