Elman Tagaýew ― 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy

Elman Tagaýew ― 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy

Ahalyň 32 ýaşly ýarym goragçysy Elman Tagaýew 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanda iň gowy futbolçy diýlip yglan edildi. Bu dereje oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde berildi. Ses berlişige görnükli täimçilerdir sport žurnalistleri gatnaşdy.

Elman Tagaýew futbolçylyk ýolunda şeýle ada ilkinji gezek mynasyp bolýar. Onuň geçen ýyl 10 pökgi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynda iň kän tapawutlanan futbolçy bolandygyny hem ýatladýarys.

Ýarym goragçy Ahalda 2019-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 8 ýaşyndan bäri futbol bilen meşgullanyp gelýän Elman uly futboldaky ilkinji duşuşyklaryny 16 ýaşynda tälimçi Amangylyç Koçumowyň ýolbaşçylygynda geçirip başlady. Şeýlelikde, ol dürli ýyllarda Aşgabat, Azal (Azerbaýjan), Altyn asyr, Andijan (Özbegistan), Sabail (Azerbaýjan), Nawbahor (Özbegistan) futbol toparlarynyň köýnekçesini geýdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ilkinji gezek 2012-nji ýylda çagyrylan futbolçy resmi duşuşyklaryň 8-sine gatnaşyp, olarda bir gezek tapawutlandy.

Elman Tagaýew 2021-nji ýylda Ahalyň düzüminde AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çenli hem baryp ýetdi. Ahal bilen Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp bolan futbolçy geljek ýylda toparyň düzüminde yklymyň birinji derejeli ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş etdi, Ahalyň AFK Çempionlar ligasynda öz meýdançasyndaky ilkinji duşuşygyna 19 müňden gowrak tomaşaçy geldi we beýleki habarlar
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady
AÇL 2023/24: Ahal Al-Feýhany ýeňlişe sezewar etdi
Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy