Ermenistanda dag üstündäki Sewan köli doňdy

Ermenistanda dag üstündäki Sewan köli doňdy

Ermenistanda beýik dagyň üstündäki Sewan köli buzluk bilen örtüldi. Soňky gezek kölüň suwy 2017-nji ýylda doňupdy. Ýerli ýaşaýjylar indi bu ýere typmak üçin gelýärler diýip, MIR 24 habar berýär.

Kölüň ýüzündäki buzlugyň howpsuzlygyny meýletinçiler barlaýarlar, olar Sewana yzygiderli gelip, Sewanyň buzunyň galyňlygyny ölçäp durýarlar. Eger buzuň ýuka ýeri bar bolsa, ýörite bellik edýärler.

Köl soňky gezek mundan ýedi ýyl öň buz bilen örtüldi. Bu suw howdany üçin peýdalydyr, sebäbi suw bugarmaýar. Netijede, Sewan million tonna golaý suw tygşytlaýar.

Ýene degişli makalalar

Güýçli çabga Antalýede köçeleri we öýleri gark etdi
Zeminde köller köpeldi
30 kilogramlyk akwarium balygy çeňňege düşdi
Güýçli guraklyk Argentinada balyklaryň we guşlaryň gyrylmagyna getirdi
Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi
Türkmenistanda käbir etraplaryň, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň atlary üýtgediler