Güýçli guraklyk Argentinada balyklaryň we guşlaryň gyrylmagyna getirdi

Güýçli guraklyk Argentinada balyklaryň we guşlaryň gyrylmagyna getirdi

Argentinany güýçli guraklyk tapdan düşürdi, ýurduň Buenos-Aýres ülkesinde Nawarro ýalpaklygy tutuşlygyna gurady diýip, MIR 24 habar berýär.

Munuň netijesi köpsanly öli balyklar. Kölüň düýbüniň topragy teşnelikden jaýryk atdy, bu ýyl ýurt soňky on ýyllykdaky iň agyr guraklygy başdan geçirýär. Bu La-Ninýa howa hadysasynyň netijesinde emele geldi, ol zerarly uzak wagtyň dowamynda jokrama yssy boldy we guraklyk döredi. Diňe bir suw howdanlarynyň ýaşaýjylary däl, guşlar hem heläk bolýar.

Niräňe baksaň, öli balyklar, hatda öli guşlaram köp. Bu örän gussaly, men köli hiç haçan beýle halda görmändim diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berýär.

Ýurduň Guraklygy hasaba almak boýunça milli geňeşiniň maglumatlaryna görä, guraklykdan 126 million gektar meýdana zeper ýetdi, bu oba hojalyk ýeriniň 75 göterimidir.

Ýene degişli makalalar

Guraklyk Argentinanyň oba hojalygyna zeper ýetirýär
Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
Meýdandaky we işikdäki mallar aç. TDH mallaryň 'dok gyşladylýandygyny' aýdýar
Beýik Britaniýadaky guraklygyň netijeleri kosmosdan görünýär
Fransiýada Gurakçylyk Sebäpli Halka Çagyryş Edildi
Görülmedik guraklyk Italiýany çöle öwürýär