Guraklyk Argentinanyň oba hojalygyna zeper ýetirýär

Guraklyk Argentinanyň oba hojalygyna zeper ýetirýär

Uzaga çeken guraklyk Argentinanyň oba hojalyk pudagyna howp salýar. Bilermenler şu ýyl ýurduň bu möhüm pudagynda iň pes hasylyň boljakdygyny çaklaýarlar diýip, Habar 24 ýazýar.

Buenos-Aýresiň däne biržasynyň maglumatlaryna görä, guraklyk netijesinde şu ýyl soýanyň hasyly 27 million tonna ýetip biler, bu bolsa taryhda iň pes görkezijidir. Ýerli daýhanlar mekgejöweniň we soýanyň gurap galan meýdanlaryny synlap, çekilen zyýanyň möçberini kesgitlemekçi bolýarlar. Argentinada guraklyk eýýäm üçünji ýyldyr dowam edýär.

Oba hojalyk krizisi ýurduň onsuzam agyr bolan ykdysady ýagdaýyny kynlaşdyryp biler. Argentinada ýyllyk hümmetsizlenme eýýäm 100 göterimden agdy. Guraklykdyr çüpre biten ekinler sebäpli döwletiň gaznasy eksportuň milliardlarça dollarlyk girdejisini ýitirip biler.

Ýene degişli makalalar

Güýçli guraklyk Argentinada balyklaryň we guşlaryň gyrylmagyna getirdi
Iki müň argentinaly Möý-adamyň eşigini geýip, rekord goýdular
Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
Meýdandaky we işikdäki mallar aç. TDH mallaryň 'dok gyşladylýandygyny' aýdýar
Fransiýada Gurakçylyk Sebäpli Halka Çagyryş Edildi