Güýçli çabga Antalýede köçeleri we öýleri gark etdi

Güýçli çabga Antalýede köçeleri we öýleri gark etdi

Türkiýäniň Ortaýer deňzi ülkesi bolan Antalýa güýçli çabga ýagdy. Tebigy hadysa zerarly käbir köçelerdir öýler suwuň astynda galdy diýip, TASS habarlar gullugy ýurduň TRT teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.

Mysal üçin, Gumluja şäherinde ýyladyşhanalaryny suw basdy, köprüler ýykyldy. Ýerli ýaşaýjylara gaty zerur bolmasa, köçä çykmak maslahat berilmeýär. Mekdeplerde bolsa okuwlar saklandy.

Biz beýle çabgany soňky 50 ýylda göremzok. Heläk bolanlardyr ejir çekenler ýok, emma ýagdaý çylşyrymly diýip, Gumluja şäheriniň häkimi Mustapa Köleogly aýdýar.

Güýçli ýagynlar sebäpli Antalýäniň Finike uezdinde hem suw basan köçelerdir öýler bar diýip, Belta.by saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Talim tupany sebäpli Hytaýda 230 müň adam göçürildi
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler