Erşadi: Günbataryň eýranly aýallary goldaýandygyny dogruçyl bilmeýäris

Erşadi: Günbataryň eýranly aýallary goldaýandygyny dogruçyl bilmeýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekiliniň orunbasary, Günbatar ýurtlarynyň eýran aýal-gyzlaryny goldamak baradaky toslamalaryny dogruçyl we ak ýürekli garamaýandygyny aýdyp, bu hökümetlere ýüzlenip, eýranly aýallaryň hossarlara mätäç däldigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk temasy boýunça mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekiliniň orunbasary "Zahra Erşadi" Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birtaraplaýyn mejbury hereketleriniň garaşylmadyk netijelere we eýranly aýallaryň hukuklaryna zyýanly täsir etmekden başgada rehimsiz we adamkärçiliksiz sanksiýalaryň aýallaryň esasy hukuklaryny bozandygyna yşarat edip, Eýranly aýallar akylly, bilimli, yhlasly, watançy we öz hukuklaryndan habarly gatlakdyrlar, şonuň üçin Günbatar hökümetlerine hossarlara mätäç däldigini we olaryň adyndan gürlemk gerek däldigini maslahat berýäris diýdi.

Erşadi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýasat, kanunçylyk we milli meýilnamalaşdyrmakda esasy sütün hökmünde aýallaryň medeni, jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy pozisiýasynyň ýokarlanmagyna hemişe üns berendigini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we wekiliniň orunbasary şeýle hem käbir Günbatar ýurtlarynyň eýranly aýallary goldaýandyklaryny öňe sürmek baradaky garaýyşlaryna we esassyz talaplaryna jogap höküminde şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy ähli adamlaryň, şol sanda aýallaryň we gyzlaryň adam hukuklaryna hormat goýmagy, goldamagy we öňe sürmegi doly maksat edinýär diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy
Eýranda tälim uçary ýere gaçdy