Ersin Tatar: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde" diýdi

Ersin Tatar: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde" diýdi

DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar Türkiyäniň sebitiň iň güýçli ýurdudygyny we ähli mümkinçikleri bilen Kipr türk halkyna goldaw berýändigine ünsleri çekip: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde" diýip belledi.

DKTR-da Prezident Ersin Tataryň ýolbaşçylyk etmeginde sebitleýin hadysalaryň ele alynan ýokary derejeli maslahat geçirildi.

Eýranyň Ysraýyla garşylyk görkezmek maksady bilen uçarmansyz howa ulaglary we ballistik raketalar bilen guran hüjümleri bilen birlikde sebitleýin hadysalaryň hem gözden geçirilen maslahatdan soň metbugata beýanat beren Ersin Tatar, Türkiyäniň ýokary ukyp we mümkinçiliklerini sebitiň parahatçylygy we asudalygy üçin ulanýandygyny belläp, Kipr türk halkynyň aladalanjak ýagdaýynyň bolmandygyny habar berdi.

Maslahatda sebitdäki ähli wakalary jikme-jik ýagdaýda ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar, Türkiyäniň sebitiň iň güýçli ýurdudygyny we ähli mümkinçikleri bilen Kipr türk halkyna goldaw berýändigine ünsleri çekip: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde. Halkymyz Türkiye Respublikasynyň kepilligi astynda, howpsuzlyk, asudalyk we parahatçylyk içinde ýaşamaga dowam eder. Halkymyz aladalanmasyn" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
DKTR Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi