Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Prezident Erdogan: Ysraýyl terror döwletidir" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Adalat we ösüş partiýasynyň topariçi maslahatynda beýanat berendigini habar berýär. Prezident Erdogan çykyşynda: "Ysraýyl terror döwletidir. Öňümizde genosid bar" diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: "Türkiyeden Gaza saglygy goraýyş bilen bagly kömek" söz başyly habarynda, Gaza saglygy goraýyş kömegini berýän harby uçaryň, Kaýseri welaýatyndan ýola çykyp Müsüre gonandygyny mälim edýär.Gaza saglygy goraýyş bilen bagly kömek daşaýan uçaryň düzüminde aralarynda lukmanlar we şepagat uýalary bilen birlikde jemi 9 saglygy goraýyş işgäri bar.

Saglygy goraýyş topary Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi bilen geçirilen işleriň netijesinde ýaralanan asuda ilatyň bejergilerini ýerine ýetirer.

Star gazedi: "DKTR-nyň Prezidenti Tatar: Prezident Erdoganyň berýän ýüzlenmeleri bize güýç berýär" söz başyly habarynda, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň "BMG-da eden çykyşynda Hormatly Prezident Erdoganyň beren ýüzlenmeleri: Kipr indi täze bir sepgide ýetdi.

DKTR-nyň kabul edilmegi, Kipr türk halkyna garşy goýulan embargolaryň we izolýasiýalaryň bes edilmegi, ähli bu çagyryşlar biziň häzirki wagtda dowam etdirýän dawamyza güýç berýär" diýendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: "Akkuýu NGS üçin senenama berildi" söz başyly habarynda, Bütindünýä ýadro birleşiginiň baş müdiri Sama Bilbao Leonyň Akkuýu NGS taslamasy bilen baglanşykly: "Akkuýu NGS-nyň ilkinji reaktorynyň öňümizdäki ýyl işläp başlamagyna garaşýarys. Örän gowy habar. 4-nji reaktoryň bolsa 2030-njy ýylda işläp başlamagyna garaşýarys" diýendigini habar berýär.

Watan gazedi: "Ministr Ersoý: Syýahatçylyk pudagyndan alan girdejimiz ýylyň ilkinji 9 aýynda 42 milliard dollar boldy" söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň düýn beren beýanatynda: "Syýahatçylyk pudagyndan alan girdejimiz ýylyň ilkinji 9 aýynda 42 milliard dollar boldy. Orta möhletli meýilnama maksadymyz bolan 55,6 milliard dollar bilen sazlaşykly ýagdaýda dowam edýär" diýendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny