Ersin Tatar Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Ersin Tatar Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) prezidenti Ersin Tatar Azerbaýjanyň Milli mejlisinde kabul edilen Kirp Dostluk toparynyň döredilmegi bilen bagly karar mynasybetli Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeş boldylar.

Azerbaýjanyň Prezidentliginden telefon söhbetdeşligi bilen bagly berilen beýanatda, DKTR-nyň prezidenti Ersin Tataryň Azerbaýjanyň Milli mejlisinde kabul edilen DKTR bilen parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin DKTR-Azerbaýjan Dostluk toparynyň döredilmegi bilen bagly karar mynasybetli Ilham Aliýewe minnetdralyk bildirendigi habar berildi.

Beýanata görä Ilham Aliýew Kipr Dostluk toparynyň Azerbaýjan bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklary has hem güýçlenmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ersin Tatar: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde" diýdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady