Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi

Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Gazadaky ýagdaý bilen baglanşykly şu gün geçirmegi meýilleşdiren maslahata gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan sebitdäki wakalar barada beýannama berdi.

ABŞ-nyň Beýik Britaniýa bilen birlikde Ýemendäki Husilere garşy guraýan howa hüjümleriniň üstünde durup geçen eýranly ministr: "ABŞ-na we Beýik Britaniýa sebitde parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýan hüjümleriň söweşiň gerimini giňeltjekdigi barada ýüzlenme we berk duýduryş berdik" diýip habar berdi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler Aden aýlagynda ABŞ-ne degişli ýük gämisini gämä garşy raketalar bilen nyşana alandyklaryny, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň harby güýçleriniň bolsa ýurduň paýtagty Sana şäherine howa hüjümlerini gurandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary
“Gazada Müňlerçe Çaganyň Öldürilmegi Kabul Edilmesiz”
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler