“Gazada Müňlerçe Çaganyň Öldürilmegi Kabul Edilmesiz”

“Gazada Müňlerçe Çaganyň Öldürilmegi Kabul Edilmesiz”

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Gazada müňlerçe palestinaly çaganyň öldürilmeginiň kabul edilmesizidigini aýtdy.

Abdullaýan, Italiýanyň RAI teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Ysraýylyň Gazadaky asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdiren halatynda söweşiň gerimi giňär. Liwanda we Ýemende aksiýalaryny güýçlendirip biljek toparlar iş alyp barýar” diýdi.

Abdullahiýan, Hamasy “Palestinanyň halkyna garşy edilýän zuluma garşy durýan legal söweşjen güýç hökmünde” görýändiklerini belledi.

Abdullahiýan “Gazada müňlerçe palestinaly çaganyň öldürilmegi kabul edilmesiz” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri, Italiýanyň hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin ABŞ-na basyş etmelidigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary
Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi
Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny