Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitmelere görä 120 adam ýaralandy.
Tesnim habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, güýç merkezi Hoý şäheri bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 13:38-de boldy.
Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Hamid Mahbubi ýer titreme bilen bagly soňky ýagdaý barada maglumat berdi.
Hamid Mahbubi: "Ýer titreme 5 aýry obada 20 öýe zyýan ýetmegine sebäp boldy. Häzirki wagta çenli 120 adamyň ýaralanandygy anyklandy" diýip mälim etdi.
Eýranly resmiler sebite 15 gözleg we halas ediş toparynyň gönükdirilendigini habar berdiler.