ÝB-ne agza ýurtlar, sentýabr aýynda Eýranda Mahsa Emininiň saklanmagyndan soň geçirlen protest ýörişlerinde protestçylara garşy aşa güýç ulanandyklary sebäpli 18 adam bilen 19 gurama sanksiýa goýulmagy barada karar kabul etdi.
ÝB Geňeşinden berlen beýannamada, sanksiýalaryň Eýranda adam hukuklarynyň basgylanandygy sebäpli goýlandygy nygtaldy.
Sanksiýa sanawynda, Eýranyň Ýaşlar we sport ministri Seýid Hamid Hazaweh Sejjadi, käbir halk deputatlary, şäher häkimleri we Eýranyň Ynkylap goragçylarynyn ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bar.
Soňky sanksiýalar bilen birlikde ÝB tarapyndan Eýranda sanksiýa goýlan adamlaryň sany 164, guramalaryň sany bolsa 31-e ýetdi.
Sanksiýa sanawyna alynanlaryň ÝB-ne agza ýurtlara syýahat etmegi gadagan edilýär we şol adamlaryň we guramalaryň emlaklary saklanýar.