Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk

7-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratynlandyryldy. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi we onuň soňky mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň gün tertibine ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleler hem girizildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrylmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Malaýziýa Türkmenistanа halal senagaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi
Eýranyň Ýaşlar we Sport Ministriniň Münen Dikuçary Heläkçilige Uçrady
Eýran nebitiň satuwyndan 26 milliard dollar girdeji aldy
ÝB Eýrana Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär
Eýrandaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 120 adam ýaralandy