Fergýuson UFC-de yzygider üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy

Fergýuson UFC-de yzygider üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy

Hýuston şäherinde (ABŞ, Tehas) UFC 262 turniriniň esasy söweşleriniň biri tamamlandy. Bu söweşde ýeňil agramda liganyň ozalky wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson bilen Beneil Dariuş duşuşdy.

Söweş Dariuşyň ynamly agalygynda geçdi. Asly assiriýaly amerikaly söweşiji her raundda Fergýusony partere getirip, ýagdaýy ynamly dolandyrdy. Netijede, ähli eminler ýeňşi Dariuşa berdiler 30:27, 30:27, 30:27. Fergýuson yzygider üçünji gezek ýeňildi, mundan öň ol Jastin Getjiden we Çarlz Oliweýradan ýeňlipdi. Dariuş yzygider ýedinji ýeňşini gazandy. UFC 262 turnirinden öň ol ýeňil agram reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýärdi.

Ýene degişli makalalar

Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GURLUŞLAÝYN DIALOG ÖZ IŞINI DOWAM ETDI