Forbes ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi

Forbes ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi

Forbes žurnaly 2022-nji ýylda iň köp pul gazanan türgenleriň sanawyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, Argentinanyň milli ýygyndysynyň we PSŽ klubynyň hüjümçisi Lionell Messi bassyr ikinji ýyl birinji orna ýerleşdi. Neşiriň habar bermegine görä, argentinaly superýyldyzyň 2022-nji ýylda gazanan pulunyň möçberi 130 million ýewro barabardyr.

Forbes tarapyndan yglan edilen ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynyň ilkinji onlugy aşakdaky görnüşe eýe:

1. Lionell Messi (futbol) — 130 million ýewro;

2. Lebron Jeýms (basketbol) — 121,2 million ýewro;

3. Kriştianu Ronaldu (futbol) — 115 million ýewro;

4. Neýmar (futbol) — 95 million ýewro;

5. Stefen Karri (basketbol) — 92,8 million ýewro;

6. Kewin Dýurant (basketbol) — 92,1 million ýewro;

7. Rojer Federer (tennis) — 90,7 million ýewro;

8. Saul Alwarez (boks) — 90 million ýewro;

9. Tom Breýdi (amerika futboly) — 83,9 million ýewro;

10. Ýannis Adetokunbo (basketbol) — 80,9 million ýewro.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleri
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Ýylyň iň baý futbolçylary: sanawyň birinjisi 8 ýyldan soň üýtgedi
Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylarynyň reýtinginde lider üýtgedi
Ilon Mask milliardlap dollaryndan mahrum boldy