“Ford”-yň täze awtoulaglary “Android”-de işlär

“Ford”-yň täze awtoulaglary “Android”-de işlär

“Ford” kompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, “Ford” we “Linkoln” awtoulaglarynyň hemmesiniň Google programmalary we hyzmatlary gurnalan “Android” operasion ulgamynda işlejekdigini mälim etdi. Bu boýunça alty ýyllyk şertnama baglaşyldy diýip, rb.ru habar berdi.

2021-nji ýylyň ahyryndan başlap, Google “Ford”-a emeli intellekt, maglumat derňewi we maşyn öwrenmek babatda kömek eder.Google-yň sanly mümkinçiliklerini birleşdirmek we awtoulaglar üçin täze programmalary döretmek işi bilen Team Upshift atly täze bölüm meşgullanar. 2023-nji ýyldan başlap, täze “Ford” awtoulaglarynyň eýeleri “Google Assistent” ses kömekçisini ulanyp, Google Kartalarda ugur görkezip, programmalary göçürip alyp, Google Play-de aýdym diňläp bilerler.

Indi awtoulaglar üçin programmalary başgalar hem döredip bilerler diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar
Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi
Ford dünýä boýunça 3000 işgärini işden çykarar
Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy
Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar