“Forsaž 8” täze rekordyň eýesi

14-nji aprelden başlap, tutuş dünýäde prokatlarda görkezilip ugran “Forsaž 8” (The Fate of the Furious) filmi ilkinji hepdesinde rekord goýdy.Ol ilkinji 3 günde 532 million dollarlyk girdeji bilen ähli zamanalaryň iň şowly başlangyç görkezen kinosy boldy.

Bu ugurda öňki rekord geçen ýyl prokata çykan “Ýyldyz söweşleri: güýç oýanýar” (Star Wars: The Force Awakens) filmine degişlidi (529 million $).“Disneý” şereketiniň önümi bolan “Gözel we nägehan” (Beauty and the Beast) filmi 29 günde girdejisini 1 milliard dollardan geçirdi.

Ol iň tiz wagtda 1 milliard dollarlyk girdejä ýeten “Disneý” kinosy diýlip hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi
Iň şowly başlangyç
UEFA Çempionlar ligasy
Bred Pittiň täze filmi
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi