Fransiýanyň öz meýdançasyndaky taryhy ýeňlişi

Fransiýanyň öz meýdançasyndaky taryhy ýeňlişi

Futbolda milli ýygyndylaryň hepdeligi dowam edip, düýn birnäçe ýygyndylar ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.Dünýä Kubogynyň eýesi Fransiýa öz meýdançasynda FIFA-nyň reýtingindäki 55-njy ýerde barýan Finlýandiýadan 2-0 asgyn geldi.

Gollary 28-nji minutda Forss bilen 31-nji minutda Walakari derwezä girizdi. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy soňky 10 ýylda öz meýdançasynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtinginde öňdäki 50 orunda bolmadyk topardan ýeňildi.

Fransuzlar soňky gezek 2010-njy ýylda 77-nji basgançakdaky Belarusdan 1-0 utulypdy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasy
Bred Pittiň täze filmi
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
2021-nji ýylda haýsy filmleriň çykmagyna has köp garaşylýar?
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi